Garaşsyzlyk buýsanjymyzyň-baýdagy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Garaşsyzlyk buýsanjymyzyň-baýdagy” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşligiň başynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk gülläp ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet işleri barada, şeýle hem 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrda taryhy ähmiýetli wakalaryň biri bolan Türkmenistanyň halk maslahaty dogrusynda halk maslahatynda ýurdumyzy mundan beýläkde ösdürmek ugrunda seredilen işler barada giňişleýin gürrüňler edildi. Soňra bolsa Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Watanymyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleri we olaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy. Şeýle hem Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin türkmen halkymyzy gutladylar.