“Döwletliniň başlan işi oň bolar”
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Halk maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen “Döwletliniň başlan işi oň bolar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň mertebesi bu gün dünýä dolýar. Ýurdumyzda 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakalarynyň biri bolup, onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ýaly halk bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleler halkymyzyň ygtybarly wekilleri bilen maslahatlaşyp, her bir adamyň ykbalyna şugla saçjak çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň öňde duran maksatlara amal etmäge, beýik tutumlary durmuşa geçirmäge ukyplydygynyň görkezijisi bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy asuda, parahat, eşretli zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun diýip alkyş sözlerini aýtdylar.