“Ýüregimizde watan waspy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Ýüregimizde
watan waspy” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Watan türkmen üçin ähli zatdan zyýada, dünýe malyndan artyk gymmatlykdyr.
Watan biziň her birimiz üçin ezizdir, mukaddesdir. Türkmen mukaddes hasaplaýan
zatlaryny aýap, apalap, jandan ezizläp söýmegi, gadymy döwürlerden bäri adat
edinipdir. Watan mukaddesdir, onuň duzy-da, suwy-da, topragy-da, müň bir derde
dermandyr. Pederlerimiz bize watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýratlylygyň,
gaýduwsyzlygyň, lebzi halallygyň, birsözlüligiň gaýtalanmajak nusgalyk ýoluny
miras goýupdyrlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen
2025-nji ýylyň “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi
ýurdumyzda medeni we ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgüni has-da artdyrmakda, ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerini içgin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüjiligi, ilhalar we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanda, ýaşamana, döretmäne uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.