“Nesiller bagtdan paýly”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Arkadag şäheriniň 6-njy bakja bagynyň çagalarynyň gatnaşmagynda ertekili kitaplardan “Nesiller bagtdan paýly” atly çeper okaýyş geçirildi.
Biziň her bir günümiz, durmuşymyz, dünýämiz-ýaş nesiller bilen owadan. Ýaş nesiller Watanymyzyň geljegidir, olar buýsanjymyzdyr, guwanjymyzdyr. Ýurdumyzda ýaş nesiller barada uly alada edilýär. Çagalar biziň gelejegimiz. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dürli ýaşdaky okyjylar bilen yzygiderli duşuşyklar, çeper okaýyşlar, söhbetdeşlikler, bäsleşikler, gezelençler, gürrüňdeşlikler geçirilýär. Bu bolsa kitaphana gelýän her bir okyjyda uly täsir galdyrýar.
Çeper okaýyşyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli giň dünýä garaýyşly, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!