“Ýaşulular-görelde mekdebi”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda ýaşulularyň halkara güni mynasybetli “Ýaşulular-görelde mekdebi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Ýurdumyzyň her bir işiniň başy başlananda ýaşulularymyza sala salynýandygy, kümüş saçly eneleriň öwüt ündewlerine eýerilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşululara hormat sarpasy örän uludyr. Ýaşulularymyza “Türkmenistanyň il ýaşulusy” diýen adyň berilmegi we mährem enelerimize “Zenan kalby” ordeniň berilmegi, her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýaşulular gününiň bellenip geçilmegi bularyň aýdyň subutnamasydyr. Bu baýramçylyk diňe bir ýaşulularyň, ömür menzillerinde kämillik tapan ynsanlaryň baýramy bolman eýsem, ol paýhaslylygyň, raýat kämilliginiň we ruhy salyhatlylygyň baýramydyr. Toýlarymyzyň gelşigi, öýlerimiziň bezegi bolan ýaşulularymyzyň we mährem enelerimiziň baýramlary gutly bolsun! Halkyny şeýle eşretli, abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.