“Hatyra güni-hakyda güni”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gelmeginde Hatyra güni mynasybetli “Hatyra güni-hakyda güni” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Hatyra güni, türkmen halky öz gahrymanlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Watanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran ata-babalarymyzyň edermenligi we gaýduwsyzlygy baradaky şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Hatyra çäresi nesilleriň dowamatlylygynyň, gadymy türkmen topragynda beýik ata-babalarymyzyň däpleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu Hatyra gününde halkymyzyň ruhybelentligini has-da artdyrmak üçin nesilleriň bitewi hakydasynyň wajypdygyna, gülläp ösýän ýurtda parahatçylykly ýaşamak we zähmet çekmek bagtyna aýratyn göz ýetirýäris.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzdan miras galan däplere eýerip, ynsanperwer, asylly işleri durmuşa geçirýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.