"Türkmenistan-bagtly çagalaryň mekany"
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş syýasatynyň netijesinde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde dünýäde tanalýan Türkmenistanda ýaş nesliň bagtly ýaşamagyny üpjün etmek babatda edilýän uly tagallalar dowam etdirilýär, milli gymmatlyklarymyzyň nesilden-nesle geçirilmeginde jemgyýetçilik ähmiýetli işler amala aşyrylýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir işgärleri bolup çagalaryň hem-de ýaşlaryň arasynda birnäçe çäreleri hem-de bäsleşikleri geçirýäris. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleri kitap okamaga höweslendirmäge uly ýardam berýär. Çagany ýaşlykdan haýsy ugra gönükdirseň, ol ulalanda hem şoňa ýykgyn edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem çykyşlarynda: ”Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alyp barýarys” diýip, döwletimizde bilimli, ylymly, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işleriň amala aşyrylýandygyny belleýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen beýik işleri amala aşyrýan, geljekki nesillere berilýän bilimiň çuňňur bolmagy barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun.