“Halypa şägirtlik-yhlas hem ynamyň ýoly”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Halypa şägirtlik-yhlas hem ynamyň ýoly” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizdir sungatymyza, mirasymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Täze taryhy döwrümizde şöhratly taryhymyzy, ata-baba asylly ýol-ýörelgelerimizi, döredijilikde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi ýatlamaga çuňňur öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga, geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açyldy. 

  Biz kitaphanaçylar hem halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy, medeni, ruhy mirasymyzy öwrenip, ýaş nesillerimizi, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, geçmişimiziň gymmatlyklaryny olaryň kalbyna ornaşdyrmak mukaddes borjumyz bolup durýar. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda halypa-şägirtlik ýörelgelerini ýöretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655