Saglygym-baş baýlygym
10-njy oktýabr-Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni.
Döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Ulgamyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hem-de hyzmatlarynyň ýokary hilli üpjün edilmegi, hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokary bolmagy, maddy-üpjünçilik binýadynyň täze tehnikalar bilen kämilleşdirilmegi we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlary bilen bilelikdäki işleriň möçberiniň artmagy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar.
Bu gün hem biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Saglygym-baş baýlygym” sergi gurnaldy. Bu sergini Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsi atly köp tomluk ensiklopedik kitaby sergimiziň tekjelerini bezeýär. Mundan başgada bu sergimizde saglyga degişli bolan kitaplardyr, žurnallar tekjelerde giň okyjylar köpçüligine hödürlendi.
Goý, halkymyzyň saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňäp, her birimiziň sagat ýaşamagymyz üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!