“Sagdynlyk Ruhybelentligiň aýdyň ýoly”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Saglyk güni mynasybetli “Sagdynlyk Ruhybelentligiň aýdyň ýoly” ady bilen kitap sergi gurnaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň, saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Jemgyýetiň esasy baýlygy hökmünde adamlaryň saglygyny goramak baradaky alnyp barylýan işler ýurdumyzda buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Serginiň dowamynda ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygy, sagdynlygy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.