TÜRKMEN BITARAPLYGY — DÜNÝÄ NUSGALYK ÝÖRELGE
Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň gurnamagynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gatnaşmagynda “Türkmen Bitaraplygy-dünýä nusgalyk ýörelge” atly söhbetdeşlik gurnaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Bitaraplyk-türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleriň öýdümine deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydygy şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty, halkara derejesinde ykrar edilip, dünýä ýurtlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi barada bu syýasat, sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm goşant goşýandygy hakynda giňişleýin gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.