«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri»
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýene-de bir ajaýyp kitaby «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriniň 17-nji jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp eserleri bilen halkymyzy begendirip durýar. Ýaňy ýakynda bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 17 jildiniň çapdan çykmagy, biz kitaphanaçylary hasda begendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamynyň ýiti bolmagyny hem-de täze-täze eserdir şygyrlarynyň, şeýle-de hoş habarlaryň höwri köp bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik maksatly tutumly işleri hemişe rowaçlyga beslensin!