“Kim çalasyn”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdep okuwçylarynyň arasynda kitaphanada halk döredijiligine degişli bolan türkmen ertekileriniň gahrymanlarynyň suratyny çekmek boýunça “Kim çalasyn” ady bilen bäsleşik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de ukyp başarnyklaryny doly açmagy üçin ähli şertler döredilýär. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalaryň wagtlaryny
ýatda galyjy pursatlara beslemek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky
Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar otagynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag
şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda halk döredijiligine
degişli bolan türkmen ertekileriniň gahrymanlarynyň suratyny çekmek boýunça
bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly geçdi.
Bäsleşigiň ahyrynda Berkarar Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, ýaş nesiller hakda bimöçber alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowana ýollardan rowaçlyklara beslensin!