“Bagtyýar nesiller ýurdumyzyň geljegi”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Bagtyýar nesiller ýurdumyzyň geljegi” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli bilim ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmekde we ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesillerimiziň watansöýüji adam bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladasydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýä garaýyşlarynyň giňelmegi hünärli bolmagy hemme taraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaňy ýakynda hem Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik sungat mekdebiniň zehinli çagalary Eýran-Yslam Respublikasynyň Ispihan şäherinde geçirilen 3-nji halkara çagalaryň surat çekmek bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolup döwlet baýdagymyzy belentde pasyrdatdylar. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655