«Türkmen alabaýy-milli mirasymyz we buýsanjymyz»
Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda, Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen alabaýy-milli mirasymyz we buýsanjymyz» atly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşmaga Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmekde we wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň ähmiýeti dogrusynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň wekili tarapyndan gyzykly maglumatlar bilen çykyş etdi. Bu kitap diňe bir itşynaslar üçin gymmatly gollanma bolmak bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň gelip çykyşy, taryhy-medeni ähmiýeti we türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berýän düýpli çeşmedir. Onda taryhy we edebi maglumatlar, arheologiýa barlaglarynyň netijeleri beýan edilýär. Şeýle hem kitapda alabaýyň sakçy, goragçy we wepaly dost hökmündäki aýratynlyklary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumatlar berilýändigini giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň ahyrynda Türkmen alabaýlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamakda berýän hemaýat goldawlary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.