“Ylym-bilim ösüşleriň hereketlendiriji güýji”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Ylym-bilim ösüşleriň hereketlendiriji güýji” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürilýän ylym bilim ulgamynyň geljegi has-da aýdyňlaşýar. Elbet-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň "Ýaşlar-Watanyň daýanjy" atly kitabyndaky: "Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly, belli bir käriň eýesi bolmagy ugrundaky aladalarymyz öz netijesini hem berýär. Bu gün bilim aljak, döretjek ýaş nesiller üçin ýollar açyk. Ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar, ylymly-bilimli ýaşlaryň ümzügi diňe öňe sary" diýen sözleri bu aýdyň geljegiň şamçyragydyr. Bu ajaýyp sözlerden ugur alyp Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem talyp ýaşlarymyzyň ygtybarly bilim almaklary üçin ähli şertler döredip berlen. Kitaphanada talyp ýaşlarymyzyň arasynda söhbetdeşlikler, gürrüňdeşlikler alnyp barylýar.
Gürrüňdeşligiň, ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.