“Bagtyýar nesil ”



   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda mekdebe çenli çagalar bakja bagynyň körpeleri bilen “Bagtyýar nesil” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. 

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Durmuşymyzyň güli hasaplanylýan çagalarymyzyň geljeginiň ýagty, ylymdan we bilimden ýüki ýetik bolmagy babatda eziz Diýarymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda giň mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzda çagalaryň oňat okap, bilim terbiýe alyp, Watana wepaly, ilhalar adam bolup ýetişmekleri hakynda uly aladalar edilýär. Çagalar bakja baglaryna gatnaýan körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, doly derejeli dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. 

   Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655