“Çaga terbiýesi”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň 6-njy çagalar bakja-bagynyň gurnamagynda “Çaga terbiýesi” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlik-de halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa, çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap körpelere döwrebap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe bermek ugrunda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli zerur şertleri döredip berýär. Şeýle mümkinçilikler biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem döredilen. Bu ýerde çagalar bilen alyp barylýan bilim-terbiýeçilik işleri, millilik ýörelgelerimize esaslanyp guralýar. Şeýle hem çagalara bilim terbiýe bermekde kitaplaryň ähmiýeti örän uludyr. Owadan suratlar bilen bezelen kitaplar çagalaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Kitaphanamyza gelýän körpelerimize kitaplardaky goşgulary, hekaýalary, ertekileri türkmen we rus dillerinde okap berýäris hem-de olaryň many-mazmunyny giňişleýin düşündirýäris.
Gürrüňdeşligiň, ahyrynda parahat ýurdumyzda bagtyýar nesliň erkana ösmegi, bilimli-sowatly, aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn kemala gelmegi üçin ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!