“Bagtyýar ýurdumyzyň bagtly çagalary”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň hem-de Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bakja-bagynyň bilelikde gurnamaklarynda “Bagtyýar ýurdumyzyň bagtly çagalary” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde bagtyýar çagalar olar biziň ertirki güne ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr we şöhratymyzdyr. Ýüzlerinde bagt we şatlyk alamatlary uçganaklaýan çagalar Watanymyzyň şu gününiň buýsanjydyr we röwşen geljeginiň eýesidir. Şu ajaýyp sözlerden ugur alyp Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda körpeje nesilleriň kalplaryndan çykýan buýsançly goşgularyny uly höwes bilen aýdyp berdiler hem-de kitaphanamyzyň içiniň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular. Bu bolsa çagalarda kitap okamaga bolan höwesini artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda öýlerimiziň hem ýüreklerimiziň soltany körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.