“Ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.”
Ýurdumyzda, asylly däbe görä, her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabarasy uly ruhybelentlikde geçirilýär. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda edilýän tagallalardan habar berýär. Şonuň üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ählihalk bag ekmek dabarasy tutuş ýurdumyz boýunça giňden ýaýbaňlandyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen umumy milli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi. Dabaraly çäräniň dowamynda aýdymçylar bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygyny döredýär. Berkarar ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň her ýylda geçirilmegi mähriban Watanymyzyň çar künjeginiň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýär. Bu işleriň Arkadag şäherinde hem talabalaýyk alnyp barylmagy, täze şäheriň binalarynyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşygyny üpjün edýär.