“Arkadag şäherinde daşky gurşawy  goramak, ekologiýa  abadançylygyny üpjün etmek”



  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda Arkadag şäherinde daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we ýaşyl ykdysadyýet ýörelgelerini durmuşa geçirmek maksady bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. 

  Tebigata gadyr gymmat goýýan halkymyzyň köp asyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu wagyz nesihat çäresine Saçly Dursunow adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem gatnaşdy. Bu wagyz nesihat duşuşygy talyplarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda ajaýyp ülkämizi bagy-bossanlyga öwrüp, ekologiýa arassaçylygy berjaý etmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. 

  Wagyz nesihat duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655