“Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýolumyza şamçyrag”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýolumyza şamçyrag” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp eserleri Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen aýdyň maksatlaryň jemi bolup, biziň üçin mizemez ýol ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamynyň ýiti, janynyň sag, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.