“Il saglygy ýurt baýlygy”



  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda “Il saglygy ýurt baýlygy” ady bilen geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplaryndan kitap sergisini  gurnadylar. Maslahatyň dowamynda hassahananyň lukmanlary gurnalan sergä syn etdiler, olar serginiň özlerinde galdyran gyzykly täsirleri barada öz ýürek  buýsançlaryny uly höwes bilen beýan etdiler. 

  Bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.                                     

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655