“Bitaraplyk ýoly – dünýä nusgalyk ýörelgämiz”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşligi bilen “Bitaraplyk ýoly – dünýä nusgalyk ýörelgämiz” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

  Söhbetdeşlikde ýur­du­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň ýu­bi­leý to­ýu­nyň toýlanjak ýy­lyn­da dün­ýä­de hyz­mat­daş­ly­gy hem-de öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­ly mö­hüm we­zi­pe­ler kesgitlenilýär. Ýur­du­myz hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň jo­gap­kär­li ag­za­sy hök­mün­de Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na da­ýa­nyp, “Ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk”, “Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” di­ýen döw­let­li ýö­rel­ge­ler esa­syn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mekdäki gel­je­gi uly bo­lan uzak ­möh­let­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ryň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gin­de ne­ti­je­li gu­ra­la öw­rül­di. Ýur­du­myz BMG bi­len köp ug­ry öz içi­ne al­ýan hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni yzy­gi­der­li gi­ňeld­ýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler. 

  Bu günki gün halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň beren baky bagtyna guwanyp, bagtyýarlygyň, asudalygyň, eşretiň goýnunda ýaşaýar. Şeýle bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik tutumlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655