“Kitap bilimiň çeşmesi”

 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda “Kitap bilimiň çeşmesi” atly gürrüňdeşlik geçirildi. 

 Gürrüňdeşlikde Türkmen halky kitaba, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin hem halkymyzda kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde ýöredilip gelinýär. Biz muny köpsanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň edebi mirasyndan hem aýdyň görýäris. Bu bolsa kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly ornunyň bardygyny subut edýär. Mirasymyzda golýazma çeşmeleriniň, gadymy kitaplaryň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr, çünki bu gymmatlyklar şu toprakda ylymyň ösdürilendigini beýan edýär. Türkmen halkynyň owal ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Onuň täsiri dogrusynda-da aýdylýan tymsallar sanardan juda kän, sebäbi kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany–söz baýlygyny özünde jemleýär. Adamzat durmuşynyň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. 

 Gürrüňdeşligiň ahyrynda biz ýaşlara bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän   Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655