“Kitap- Ynsanyň göwün ganaty”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher ýörite orta hünär mugallymçylyk mekdebi, Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-Ynsanyň göwün ganaty” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gadym döwürlerden bäri türkmen halky kitaba uly hormat goýupdyr. Muňa mysal edip asyrlardan-asyrlara, nesilden nesle geçen Magtymguly Pyragynyň günümize gelip ýeten ajaýyp eserlerini bellemek bolar. Ýaş nesilleri Watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde, olaryň kitaba bolan söýgisini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplary bu günki gün her bir türkmen ojagyna ýol-ýörelge mekdep bolup durýar, diýip gürrüňdeşlikde giňden belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda biz ýaşlara bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.