“Gymmatly gollanmalar”
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romany, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Hakyda göwheri” atly terbiýeçilik äheňdäki kitaplary hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly–dünýäniň akyldary”, “Ýaşlar–Watanyň daýanjy”, “Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaplary biziň kitap tekjelerimizi bezäp, her bir okyjynyň kalbynda mäkäm orun alýar. Bu kitaplaryň her biri bahasyna ýetip bolmajak gymmatly maglumatlary özünde jemläp, türkmen halkynyň şanly taryhy, medeni mirasy, taryhy ýadygärlikleri hem-de ägirt şahsyýetleri barada giňişleýin beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazýan her bir setirleri, aýdýan her bir aýgytlary adamlaryň aňynda ebedilik orun alýar. Şeýle-de bu ajaýyp kitaplar adama ruhy lezzet paýlap, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýär, türkmen halkynyň öçmejek şöhratly taryhyny has-da içgin öwrenmäge ýardam edýär.