“Bitaraplyk şöhratymyz şanymyz”



   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji sungat mekdebi bilen bilelikde Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk şöhratymyz şanymyz” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Eziz Watanymyz uly ösüşler şanly wakalar bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toý baýramlaryna beslenýär. Bu uly baýrama eltýän her pursat milletimiziň toý tutumlarynyň uludygyny görkezýär. Şu baýramly günlerde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji sungat mekdebiniň bagtyýar okuwçylary Bitaraplygymyzyň miwelerinden ruhlanyp buýsançly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza beren ajaýyplyklary dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkymyzy batly gadamlar bilen uly ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655