“Kitap bilen açalyň biz dünýäni”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi, Türkmenistanyň Inžener-Tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde gurnamagynda “Kitap bilen açalyň biz dünýäni” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen Watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp, köp alkyş sözlerini aýtdylar.