“Kitaphanalara gatnaň ýadaman, agras kämil bolar ýaly pikiriň”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gelmeginde “Kitaphanalara gatnaň ýadaman, agras kämil bolar ýaly pikiriň” atly gezelenç geçirildi.
Ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen guralan gezelenç çäresinde ýaşlar kitaphananyň dürli bölümleri bilen içgin tanyş boldular. Olar kitaphananyň ýaşuly nesiller üçin gündogar äheňinde gurnalan we syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar ýerleşdirilen okalga otaglary, kiçi ýaşly nesillerimiz üçin niýetlenen dürli ertekili kitaplar bilen bezelen okalga otaglary, taryhy kitaplary öz içine alýan muzeý otagy, asman jisimlerini ýakyndan öwredýän obserwatoriýa otagy hem-de dürli temalara degişli kitap sergileri bilen hem giňişleýin tanyşyp geçdiler. Oňa gatnaşan ýaşlarda bolsa ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy. Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmekde we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan gezelenjiň dowamynda ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryny okadylar. Bu bolsa, bagtyýarlyk nuruna beslenen ata Watanymyzda kitaba we kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Gezelenjiň ahyrynda ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.