“Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri – görelde mekdebi”



 Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri-görelde mekdebi” atly gezelenç geçirildi. 

  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miweleri bolan kitaplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta okuw mekdepleriniň okuwçylary hem-de dürli edara kärhanalarda zähmet çekýän zähmetkeşler üçin gymmatly çeşme bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir eserinde türkmen halkynyň we Watanymyzyň geljegi barada çuňňur pikirler jemlenýär. Bu ajaýyp kitaplardaky pikirler, ýaşlaryň öz Watanlaryny söýmegi, milli mirasyny gorap saklamagy üçin ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. 

  Gezelenjiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolup, döwet galamy elmydama ýiti bolsun diýip ýagşy arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655