“Kitap bilimiň çeşmesi”

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Kitap bilimiň çeşmesi  atly sergi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly bilimli bolmaklary üçin uly aladalar edilýär. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly  ajaýyp kitabynyň biziň elimize gelip gowuşmagy biz kitaphanaçylary diýseň begendirdi. “Türkmenistanyň Bitaraplygy Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitap biz ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgatdyr. Çünki bu eserde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti dünýäde Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary giňden beýan edip ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär. Kitap dokuz bölümden ybarat bolup, kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip üç dilde türkmen iňlis we rus dillerinde ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça suratlar ýerleşdirilip kitabyň bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilipdir.

 Biz ýaşlara şeýle eşretli, bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip beren  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etýäris.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655