“Yhlasly ýürek-hünärli eller”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Yhlasly ýürek-hünärli eller” atly gürrüňdeşlik geçirildi.

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň şadyýan, bagtyýar keşpleri halkymyzyň göwnüni göterýär, Watanymyzyň nurana görküne öz şuglasyny çaýýar. Bagtyýar nesiller döwletimiziň ählitaraplaýyn aladalary bilen gurşalandyr. Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar otagynda “Yhlasly ýürek-hünärli eller” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Bu gürrüňdeşlikde bagtyýar çagalar Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli goşgularyny ýatdan aýdyp berdiler  hem-de dürli oýnawaçlaryň şekillerini ýasadylar.

  Diýarymyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwüren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun  alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655