“Berekedini paýlap geldi, täze ýyl!”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Berekedini paýlap geldi, täze ýyl!” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýurdumyzda çaga doglanyndan başlap, bilim-sowatly, belli bir hünäriň eýesi bolan kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edilýär. Biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň çagalar okalgasynda dürli ýaşly okyjylaryň arasynda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýatdan öwrenen goşgularyny, aýdymlaryny, ertekilerini uly buýsanç bilen aydyp berdiler. Şeýle hem çagalara gar tozgasynyň dürli şekillere öwrülişi hakynda gyzykly maglumatlary aýdyp berildi. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.