“Täze ýyl – päk arzuwlaryň baýramy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Täze ýyl – päk arzuwlaryň baýramy” atly baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi.
Täze ýyl baýramy biziň ählimize egsilmez şatlyk duýgularyny paýlap, özboluşly
däpleri, şagalaňy bilen gurşap alýar. Uly-kiçi ähli adamlaryň biri-birine ýurt
parahatçylygyny, abatlygyny, il agzybirligini, ýagşy niýetleri arzuw etmegi,
birek-birege baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmagy bu baýramyň ähmiýetini
artdyrýar. Halk arasynda «Täze ýyly nähili garşylasaň, ýylyň bütin dowamy hem
şeýle bolýar» diýen aýtgy bu baýramçylygyň özboluşlylygyny häsiýetlendirýär. Arkadag şäherimiziň baş arçasyna gelýän her bir ruhubelent halkymyzyň, şadyýan
çagalarymyzyň, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýüzlerindäki begenç hem guwanç duýgulary,
olaryň abadan durmuşymyzy wasp edýän joşgunly aýdymdyr, goşgulary ýurdumyzyň
asudalygyndan, ähli ynsanlaryň Täze ýyly şatlyk-şowhunly garşylaýandygyndan
habar berýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine, nurana ertirlere ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.