«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany»
Eziz Watanymyzy uly ösüşler şanly wakalara beslenjek 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly ajaýyp şygar mynasybetli diýarymyzyň ähli künjeginde hoşallyk maslahaty geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşi tarapyndan hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnalmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi, söhbetdeşligiň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren ajaýyplyklary dogrusynda giňişleýin söhbet etdildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkymyzy batly gadamlar bilen uly ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.