“Mert ýigitler – Watanyň şan şöhraty”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şan-şöhraty halkymyzyň eşretli durmuşynyň, parahatçylygyň we abadançylygyň, özara ynanyşmagyň hem-de ylalaşygyň kepili bolup, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere barýan halkymyzyň kalbynda Watan beýikligi, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk mukamy belentden-belent ýaňlanýar. Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşgunydyr. Watanyň näderejede belentdigine, onuň ýönekeý bir düşünje däl-de, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna, mukaddeslikdigine Gahryman Arkadagymyzyň ýürek joşgunyndan, milli buýsanjyndan syzylyp çykan “Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler Watany beýgeldýär”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitaplaryny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu günki gün Watan goragçylarymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini ýol ýörelge edinip Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sar­gyt­la­ry­na my­na­syp jo­gap ber­mek, ter­tip-düz­gü­ni üp­jün et­mek üçin mu­kad­des Wa­ta­nyň go­ra­gyn­da my­na­syp gul­luk ed­ýär­ler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlary işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655