“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”

    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäher bölümi 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylynda hasabat ýygnagy geçirildi.

   Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda her bir türkmen zenanlarymyzyň jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň äh­li ugur­la­ry­na – sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, so­si­al, me­de­ni ugur­la­ry­na iş­jeň gat­naş­maklaryna ähli mümkinçilikler döredilen. Bu ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Şeýle hem Döwlet tarapyndan gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýänligi barada Arkadag şäheriniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlarymyz ýürek buýsançlaryny uly höwes bilen beýan etdiler.

   Çäräniň ahyrynda türk­men ene­le­ri­niň, türkmen ze­nan­la­ry­nyň maş­ga­la bag­ty­na gu­wa­nyp ýa­şa­mak­la­ry ug­run­da paý­has­ly sy­ýa­sa­ty bilen uly iş­le­ri bi­tir­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655