“Kitap ynsanlaryň göwün ganaty”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde “Kitap ynsanlaryň göwün ganaty” atly gezelenç geçirildi.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan nurlanýan döwrümizde ýaşlaryň okamagy, göwnejaý bilim almagy, babatda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelýän her bir dürli ýaşdaky okyjylara özleriniň boş wagtlary gelip okamaga hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen. Şeýle-de kitaphananyň içinde dürli pudaklara degişli sergiler hem ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa kitaphana gelýän her bir okyjyda uly täsir galdyrýar. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryny kitaphananyň içiniň aýratynlyklary bilen içgin tanyşdyryldy.
Gezelenjiň ahyrynda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw etdiler.