“Ýyndam sen-gözel sen, Ahalteke bedewim”

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes kitaplary, halkymyzyň taryhy geçmiş ýoly, beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly, çagalar üçin niýetlenen ertekili we goşguly kitaplary, kitaphanamyzyň ýörite tekjelerinde ýerleşdirilen. Kitaphanamyza gelýän dürli ýaşdaky okyjylarymyz özleri üçin gerek bolan, isleg bildirýän kitaplaryny okap öwrenmek üçin maglumatlary almaga ähli şertler mümkinçilikler döredilen. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gözel diýarymyzda türkmeniň milli guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirmek her bir döredijilik işgäriniň, wagyz nesihaty alyp barýan ildeşlerimiziň asylly ýörelgesine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa­da bar, sapa­da» atly kitaplary bolsa ildeşlerimiziň kalbynda behişdi bedewlerimize guwanjy, buýsanjy hasda artdyrýar. Şeýle gymmatlyklara nazar aýlanyňda, türkmeniň göz guwanjy bolan bedew ata aýry gymmat goýmak ýörelgesiniň düýp kökleri baradaky pikir kalbyňa dolýar. Türkmen halky hemişe–de bedew atyna aýratyn sarpa goýupdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik joşgun bilen tutulýan toýlarda ahalteke bedewleriniň gözel keşbini görmek bagtyýarlykdyr. Çünki munuň özi abadan ýurdumyzyň bagtyýarlygyny, toýlara beslenýändigini aňladýan aýdyň mysallardyr. Pederlerimiziň seýisläp ýetişdiren ýelden ýüwrük bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il­ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655