“Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti” atly gürrüňdeşlik geçirildi.

  Gürrüňdeşlikde kitap ynsanyň iň ajaýyp dosty bolmak bilen, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, häzirki döwürde hem gymmatyny ýitirmän gelýär. Bu bolsa kitaplaryň adamzat jemgyýetiniň durmuşyna berk ornaşandygyny görkezýär. Hakykatdan hem dünýäniň many - mazmunyna düşünmekde kitaplar iň ygtybarly serişde bolup durýar. Umuman aýdanymyzda kitap adamyň ruhy dünýäsiniň çyragydyr. Kitap okamak adamy diňe bir sowatly etmek bilen çäklenmän,eýsem ony rahatlandyrýar,  özine bolan ynamyny artdyrýar. Kitap okaýan  adam sowatly bolmak bilen duýgularyna erk edip bilýär. Dürli meselelere dogry we çynlakaý çemeleşýär hem-de olary çözmegiň başga ýollaryny gözleýär, ýagny gözýetimini giňeldýänligi barada Döwletmämmet  Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň ýaşulylar otagynda dürli ýaşly okyjylarymyza giňişleýin gürrüň berildi.

  Gürrüňdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan eserlerimizi giň okyjylarmyza ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655