“Ata Gowşudowyň ömür ýoly”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymynyň gurnamagynda “Ata Gowşudowyň ömür ýoly” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Ata Gowşudowyň ömür ýoly hakynda ýagny Ata Gowşudow türkmen halkynyň görnükli ýazyjylarynyň biri. Ol 1903-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýynda öňki Büzmeýin obasynda eneden dogulýar.Onuň ejesi belli ertekiçi aýal Ogulgerek eje bolupdyr. Şeýlelikde Atada halk döredijiligine we çeper edebiýata söýgi döräpdir. Ol birnäçe hekaýalary, powestlery, pýesalary döredipdir.Şeýle-de onuň ýazan Dordepel powesdi barada giňişleýin gürrüňler edildi. Gepleşigiň dowamynda Akylly Arkadag şähermiziň köçelerine şahsyýetlerimiziň, ýazyjy, şahyrlarymyzyň atlarynyň dakylmagy hakynda hem giňişleýin söhbetler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.