“Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgeleri – Watanymyzyň abadançylygynyň binýady”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgeleri – Watanymyzyň abadançylygynyň binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde bu gün Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Ýer ýüzünde meşhurlyga eýe bolýar. Ol, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda , dünýä ýüzünde durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, islendik wezipeleri çözmäge ukyply, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanatdy. Agzybir halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ýeňişlerini, ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Ol ösüşler halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny subut edýär. Eziz Diýarymyz bedew bady bilen täze-täze ýeňişlere barýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.