“Bedenterbiýe we sport sagdynlygyň goşa ganaty”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Bedenterbiýe we sport sagdynlygyň goşa ganaty” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Eziz Diýarymyz sport halklary dostlaşdyryjy köprüleriň biri hasaplanýar. Şoňa görä-de, bu günki günde ata Watanymyz halkara ýaryşlaryň, sportyň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrülip, munuň özi ýurdumyzyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň we hoşniýetliligiň mekanydygyny tassyklaýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak “Arkadag” futbol topary bilen Saud Arabystanyň “Al-Nassr” topary bilen bäsleşerler. Bäsleşikde Arkadag futbol toparyna uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen sportyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.