“Aýdym-saz – ynsanyň göwün syrdaşy”

  Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdürliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebi bilelikde guramagynda “Aýdym-saz – ynsanyň göwün syrdaşy” atly aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

  Söhbetdeşlikde her bir gü­ni şan­ly se­ne­le­re, toý-baý­ram­la­ra bes­len­ýän Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
gahryman Serdarymyzyň saýasynda mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, sun­ga­ty­my­zyň
ab­raý-mer­te­be­si has-da be­len­de gal­ýar. Türk­men hal­ky me­de­ni­ýe­ti­ni, 
sun­ga­ty­ny sar­pa­lap, mil­li­li­gi­ne buý­sa­nyp, ola­ryň şa­ny­na uly toý-baý­ram ed­ýän bagt­ly halk­la­ryň bi­ri­dir. Biziň döwletimiziň hem medeni gymmatlyklary, aýdym-saz sungaty, olaryň saýrak bilbilleri bolan, hoş owazly bagşy-sazandalary bilen dünýä jemgyýetçiliginde uly abraýa eýe bolýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Çäräniň dowamynda 5-nji çagalara sungat mekdebiniň okuwçylarynyň şirin owazly aýdym-sazlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler.

  Çäräniň ahyrynda milli aýdym-saz sungatymyzyň diňe sebitiň däl eýsem, dünýäniň 
hem ykrarýetine eýe bolmaga mynasypdygyna bolan belent buýsanç duýgusyny
döredýär. Şol belent duýgynyň joşgunyndan bolsa, milli aýdym-saz sungatymyzy
giň jahana ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655