“Oraza – ruhy tämizligiň baýramy”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Oraza – ruhy tämizligiň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirildi.

  Söhbetdeşlikde milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny täzeden dikeltmek, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan, baý we özboluşly medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny has-da kämilleşdirmek üçin Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tarapyndan ýöredilýän döwlet
syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Elbetde Remezan aýynyň Oraza baýramy hem diňe ruhy tämizligiň, sabyr-kanagatyň we ynsanperwerligiň mukaddes pursady bolup türkmen halkyna  aýratyn bir milli öwüşgin paýlaýar. Şeýle hem Remezan aýynyň Oraza baýramynda türkmen halkynyň her bir rysgally - bereketli, döwletli ojaklarynda türkmeniň milli desterhan saçagy ýazylyp näz - nygmatlar goýulyp dogan – garyndaşlar, goňşy-golamlar bilen üýşüp bir saçagyň başynda uly baýram belläp oturýarlar.

  Söhbetdeşligiň ahrynda türkmen halkynyň milli däp – dessurlaryny durmuşa geçirmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy.  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655