“Kitap — ruhy baýlyk”
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde “Kitap — ruhy baýlyk” atly gezelenç geçirildi.
Kitap okamak ynsanyň dünýägaraýşyny baýlaşdyrýar. Kitaby dost tutunan adamlar ýalňyzlyk, sussupeslik diýen zady bilmeýärler. Diýmek, ruhumyzy sagdyn saklaýan kitaplar biziň saglygymyza-da oňaýly täsirini ýetirýär. Ynsanyň ruhyna täsir edýän kitaby okamaklygyň netijesinde gaýratly, edepli, Watanyny, zähmeti söýýän,
däp-dessurlara uýýan, ynsanperwer, sagdyn, halal häsiýetli adamlar kemala gelýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelýän her bir dürli ýaşdaky okyjylara özleriniň boş wagtlary gelip okamaga hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryny kitaphanada gurnalan sergiler bilen içgin tanyşdyryldy.
Gezelenjiň ahyrynda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw etdiler.