“Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgeleri – Watanymyzyň abadançylygynyň binýady”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgeleri – Watanymyzyň abadançylygynyň binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Parahatçylyk türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dabaralanýan iň gymmatly ýörelgeleriniň biridir. Parahatçylyk diňe bir asuda ýaşamak däl, eýsem, jemgyýetiň sazlaşygyny, birek-birege hormaty, hoşniýetliligi we agzybirligi özünde jemleýän ruhy baýlyk hem hasaplanypdyr.
Türkmeniň «Parahatçylyk – iň uly baýlyk» diýen pähimi döwürler geçse-de, öz ähmiýetini ýitirmän, halkyň ýaşaýyş ýörelgesiniň esasyna bu gün ata Watanymyzda has-da dabaralanýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly gymmatly kitabynda Bitaraplygymyzyň, abadan Parahatçylygymyzyň bu günki gün eziz Watanymyzda şöhlelenşi dogrusynda kitabyň içinden okap berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.