“Çaga kalbynyň owazy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde “Çaga kalbynyň owazy” atly aýdym sazly söhbetdeşlik geçirildi. Bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Bu çagalyk owazy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belentden ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan, bimöçber aladasyndan kemal tapýan çagalar öz ýürek buýsançlaryny uly hyjuw bilen aýdyp berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda, bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.