"Kitaplar – giň dünýäniň gapysy"
Aşgabat şäheriniň Türkmenistan kinokonsert merkezinde geçirilen Multfilm şüweline Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň dürli ýaşly okyjylara degişli ertekili kitaplary bilen "Kitaplar – giň dünýäniň gapysy" atly göçme kitap sergisini gurnady.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň çagalar okalgasynda ýerleşýän çagalaryň söýgüli ertekileri hem-de beýleki neşir
önümlerinden ybarat bolan ajaýyp kitaplary bilen göçme sergisi gurnaldy. Bu ýerde çagalaryň biri-biri bilen kitap barada gürrüň etmegine, pikir alyşmagyna mümkinçilik döredildi. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem bu ýerde çagalar özlerine kitapsöýüjili dostlary tapmagyna hem getirdi. Kitaphana hünärmenleri göçme kitap sergimize kitaplar dünýäsine ýakyndan tanyş bolmaga gelen dürli ýaşdaky kitapsöyüji okyjylar bilen özleriniň durmuşynda kitabyň tutýan orny, gyzykly kitaplary okamaklygyň peýdalary barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çärämiziň ahyrynda çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda körpe nesillerimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.